EasyManua.ls Logo

Philips Sonicare ProtectiveClean 6100 - Çotgalama görkezmeleri

Philips Sonicare ProtectiveClean 6100
836 pages
Print Icon
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Loading...
552
Türkmençe
Çotgalama görkezmeleri
1
Gyllary ölläň we üstüne azajyk diş pastasyny çalyň.
2
Diş çotgasynyň gyllaryny dişlere çalaja burç (45
gradus) bilen goýuň we gyllar diş eti çyzygyna ýa-da
diş eti çyzygynyň çalaja aşagyna ýeter ýaly edip,
dözümli basyň.
Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriňize degrip
saklaň.
3
Philips Sonicare-i işletmek üçin, aç/öçür düwmesini
basyň.
4
Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti
çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly
edip, çalaja öňe-yza hereket etdirip, dişleriňizi
çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwräňiziň
dowamynda dowam ediň.
Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen
ulanylýan diş çotgasynda bolşy ýaly, gazalap
çotgalamak maslahat berilmeýär.
Bellik: Gaty köp basyş etseňiz, size duýduryş bermek
üçin, tutawajyň titremesi üýtgär we nasadkany
çalşyrmagy ýatladyş çyrasy sary reňkde ýanyp söner.
5
Öňdäki dişleriň iç ýüzlerini arassalamak üçin, çotganyň
tutawajyny ýarym ýokaryk egiň we her dişe birnäçe
dik örtüşýän çotgalama urgusyny ediň.
6
Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň,
dişleriň çeýneýän we tegmil emele gelýän ýerlerini
çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz.
Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ýa-da öçürip,
diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.

Table of Contents

Other manuals for Philips Sonicare ProtectiveClean 6100

Related product manuals