560
Türkmençe
Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy
Bu Philips Sonicare diş çotgasy azyndan 28 sany
çotgalama seansy üçin niýetlenilmek bilen, her seans doly
zarýad berlen batareýada 2 minuta çekýär (eger günde iki
gezek ulanylsa, 14 gün). Batareýa görkezijisi 2 minutlyk
çotgalama seansy gutaranda, diş çotgasyny
sägindireniňizde ýa-da ol zarýad alyp durka batareýa
ýagdaýyny görkezýär.
Bellik: Ilkinji gezek ulanmazdan öň, batareýa doly zarýad
bermek 24 sagada çenli çekip biler, ýöne Philips Sonicare
diş çotgasyny doly zarýad almanka-da ulanyp bilersiňiz.
Zarýad alýar
Zarýadnikde ýa-da ultramelewşe dezinfektorda
zarýad bermek
1
Zarýadnigi ýa-da dezinfektory rozetka dakyň.
2
Diş çotgasyny zarýadnige ýa-da dezinfekltora
ýerleşdiriň.
- Tutawaç 2 gezek gysga bipleme sesini çykaryp,
tutawajyň zarýadnige dogry goýlandygyny
tassyklaýar.
- Batareýa görkezijisiniň ýanyp sönýän çyrasy tutawajyň
zarýad alýandygyny görkezýär.
- Tutawaç zarýadnikde doly zarýad alanda, batareýa
görkezijisi 30 sekuntlap ýaşyl reňkde ýanýar we soňra
sönýär.
Syýahat çeholy bilen zarýad bermek
Bellik: Esbaplar satyn alnan modele görä dürlüçe bolup
biler.
1
USB kabelini zarýad beriş syýahat çeholyna giriziň.
2
Dakylgy USB kabelini şu aşakdakylaryň birinden
gelýän 5V hemişelik toga birikdiriň:
- Berlen USB adapteri.
- UL talaplaryna laýyk gelýän ýa-da ANSI/UL
60950-1 standardy boýunça sertifikatlanan şahsy
kompýuteriň standart USB razýomy.
- UL talaplaryna laýyk gelýän ýa-da ANSI/UL
60950-1 LPS standardy boýunça sertifikatlanan,
USB çykyş portly tok çeşmesi.