564
Türkmençe
7
Ultramelewşe çyrany ýerine dakyň.
Çyrany ýerine dakmak üçin çyranyň aşagyny metal
gysgyja gabatlaň we çyrany gysgyjyň içine itiň.
8
Gorag ekranyny ýerine dakyň.
Ekrany ýerine dakmak üçin ekrandaky ösüntgileri
ultramelewşe çyranyň ýanyndaky serpikdiriji
tekizlikdäki gädiklere gabatlaň. Ekrany
arassalaýjydaky gädiklere gönümel itiň.
9
Damja mejimesini ultramelewşe arassalaýjydaky
ýerine dakyň.
10
Arassalanyňyzdan soň, arassalaýjyny toga dakmazdan
öň doly guradyň.
Saklamak
Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony
rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi
düşmeýän salkyn, gury ýerde saklaň.
Çalşyrmak
Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare
nasadkalaryny her 3 aýdan çalşyryp duruň. Diňe Philips
Sonicare ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň.
Model belgisiniň ýerini tapmak
Model belgisi (HX64XX, HX68XX) üçin Philips Sonicare diş
çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.
Kepillik we goldaw
Maglumat ýa-da goldaw gerek bolsa,
www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da halkara
kepillik hatyny okaň.
Kepillik çäklendirmeleri
Kepillige degişli däl zatlar:
- Çotga nasadkalaryny we irrigator nasadkalaryny öz
içine alýan agyz nasadkalarynda.
- Ygtyýar berilmedik ätiýaçlyk şaýlaryň ýa-da ygtyýar
berilmedik çotga nasadkalarynyň ulanylmagy sebäpli
ýüze çykan zeper.