EasyManua.ls Logo

Philips XB9185 - Page 16

Philips XB9185
38 pages
Print Icon
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Loading...
16
Türkmençe
-
Galmagalyň aňryçäk derejesi: Lc = 84 dB(A)
Elektromagnit meýdançalar (EMF)
Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli
standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.
Esbaplary sargyt etmek
Esbaplary ýa-da ätiýaçlyk şaýlary satyn almak üçin www.philips.com/parts-and-accessories
salgysyna giriň ýa-da Philips dileriňize gidiň. Şeýle hem, öz ýurduňyzdaky Philips Müşderiler bilen
işleşmek boýunça merkezine ýüz tutup bilersiňiz (habarlaşmak üçin maglumatlary görmek maksady
bilen halkara kepillik hatyna serediň).
Kepillik we goldaw
Maglumat ýa-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da halkara kepillik
hatyny okaň.
Gaýtadan işlemek
-
Bu nyşan elektrikli önümleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny
aňladýar (Sur. 2).
-
Elektrikli önümleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.
Näsazlyklary çözmek
Bu bölümde enjamda iň köp ýüze çykmagy mümkin meseleler gysgaça ele alynýar. Aşakdaky
maglumatlaryň kömegi bilen meseläni çözüp bilmeseňiz, ýygy soralýan soraglaryň sanawyny görmek
üçin www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da öz ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek
boýunça merkeze ýüz tutuň.
Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi
Soruş kuwwaty ýeterlik däl. Tozan gaby doly. Tozan gabyny boşadyň.
Süzgüçler hapa. Süzgüçleri arassalaň ýa-da çalşyryň.
Soruş kuwwaty pes sazlama
düzülipdir.
Enjamdaky düzüş düwmesi ýa-da
tutawaç bilen soruş kuwwatyny
ýokarlandyryň.
Forsunka, turba ýa-da şlang
dykylan.
Dykylan zady aýyrmak üçin dykylan
bölegi aýryň we (mümkin boldugyça)
beýle tarapyndan dakyň. Dykylan
bölegiň içinden howany ters ugurda
geçirmek üçin tozan sorujyny işlediň.
Enjamda mämişi çyra
ýanyp-öçýär.
Girişdäki süzgüç hapa. Süzgüji arassalaň ýa-da çalşyryň.

Related product manuals