382
Türkmençe
12 Taýmeriň jyňňyrdysyny eşideniňizde bişiriş wagtynyň gutarandygyny
aňladýar.
13 Pitini çekip çykaryň we azyk önümleriniň bişip-bişmändigini barlaň.
Seresap boluň
-
Bişiriş prosesinden soň aerofritýurnisanyň pitisi gyzgyn bolýar. Pitini
enjamdan çykaranyňyzda ony elmydama gyzgyna çydamly iş üstünde
(mysal üçin, podstawka) goýuň.
Bellik
-
Azyk önümleri entek bişmedik bolsa, pitini aerofritýurnisanyň içine giriziň
we birnäçe minut wagt goşuň.
14 Içindäkileri jama ýa-da tarelka boşadyň.
Seresap boluň
-
Bişiriş prosesinden soň piti, içerki korpus we azyk önümleri gyzgyn
bolýar. Aerofritýurnisanyň içindäki azyk önümleriniň görnüşine
baglylykda pitiden bug çykyp biler.
Bellik
-
Iri ýa-da döwlegen azyk önümlerini çykamak üçin azyk önümlerini ýokary
galdyrmakda gysgyçlary ulanyň.
-
Artykmaç ýag ýa-da azyk önümlerinden çykan ýag pitiniň düýbünde
ýygnanýar.
-
Bişirilýän azyk önümleriniň görnüşine baglylykda her tapgyrdan soň ýa-da
çaýkamazdan öň artykmaç ýagy ýa-da azyk önümlerinden çykan ýagy
seresaplylyk bilen dökmek isläp bilersiňiz. Pitini gyzgyna çydamly üstde
goýuň. Artykmaç ýagy ýa-da azyk önümlerinden çykan ýagy dökmek üçin
ojakda ulanmaga ýaramly ellikleri geýiň. Pitini gaýtadan hojalyk enjamyna
dakyň.
-
Azyk önümleriniň bir tapgyry taýýar bolanyndan soň aerofritýurnisa ýene
bir tapgyry bişirmek üçin dessine taýýar bolýar.
Deslapdan sazlanan bilen bişirmek
1 “Howa bilen gowurmak” bölümindäki 1-6 ädimleri berjaý ediň.
2 Islenilýän deslapdan sazlanan düwmesini basyň.
3 Başlatmak / sägindirmek düwmesini basmak arkaly bişiriş prosesini başladyň.
Bellik
-
Bişirilýän wagty başga bir deslapdan sazlanana geçirmek isleseňiz, bişiriş
prosesini duruzmak üçin Açýan/öçürýän düwmäni basyň. Şondan soň enjam
garaşýan tertipde bolýar. Enjamy açmak üçin Açýan/öçürýän düwmäni
gaýtadan basyň we özüňize zerur deslapdan sazlanan menýuny saýlaň.
Deslapdan
sazlananlar
Aňryçäk mukdar Temperatura Bişiriş wagty
383 / 557 382 / 555 383 / 557