384
Türkmençe
-
Pitide zady özüne ýelmeşdirmeýän örtük bar. Metal aşhana gurallaryny
ýa-da abraziw arassaçylyk serişdelerini ulanmaň, sebäbi beýtmek zady
özüne ýelmeşdirmeýän örtüge zeper ýetirip bilýär.
Her ulanyşdan soň enjamy arassalaň. Her gezek ulananyňyzdan soň nahar
ýagyny we etiň ýagyny pitiniň düýbünden aýryň.
1 Hojalyk enjamyny öçürmek üçin açýan/öçürýän düwmäni basyň, elektrik
dürtgüjini rozetkadan aýryň we hojalyk enjamynyň sowamagyna maý beriň.
Maslahat
-
Aerofritýurnisanyň has çalt sowamagy üçin pitini aýryň.
2 Gowurma gözenegini pitiden aýryň.
3 Azyk önümlerinden çykan ýagy ýa-da nahar ýagyny pitiniň düýbünden aýryň.
4 Pitini we gowurma gözenegini gap-gaç ýuwujy maşynda arassalaň. Olary
gyzgyn suw, gap-gaç ýuwujy serişde we abraziw däl sürteç bilen hem
arassalap bilersiňiz (“arassaçylyk tablisasyna” serediň).
Maslahat
-
Azyk galyndylary pitä ýa-da gowurma gözenegime dykylyp galan bolsa,
olary gyzgyn suwda we gap-gaç ýuwujy suwuklykda 10-15 minutlap ezip
goýup bilersiňiz. Ezip goýmak azyk galyndylaryny ýumşadýar we olary
aýyrmagy aňsatlaşdyrýar. Nahar ýagyny we etiň ýagyny eredýän gap-gaç
ýuwujy suwuklygy ulanýandygyňyza göz ýetiriň. Pitide ýa-da gowurma
gözeneginde etiň ýagynyň tegmilleri bar bolsa we gyzgyn suw hem-de
gap-gaç ýuwujy serişde bilan olary aýryp bilmeseňiz, etiň ýagyny eredýän
suwuklykdan peýdalanyň.
-
Zerur bolsa, gyzdyryjy elemente ýelmeşen iýmit galyndylaryny ýumşakdan
ortaça çenly tüýli çotga bilen aýryp bolýar. Polat simli çotgany ýa-da gaty
tüýli çotgany ulanmaň, sebäbi beýtmek gyzdyryjy elemente zeper ýetirip
bilýär.
5 Çyzyklaryň döremeginiň öňüni almak üçin hojalyk enjamynyň daş ýüzüni
ýygyrtsyz, arassa we ýumşak mata bilen süpüriň. Çalaja çygly mata bilen
başlaň we zerur bolsa, gury mata bilen dowam ediň.
385 / 557 384 / 555 385 / 557