387
Türkmençe
Näsazlyk Ähtimal sebäbi Çözgüt
Aerofritýurnisamyň içinde käbir
soýlan ýerleriň tegmilleri görünýär.
Örtügine tötänleýin degilmegi ýa-
da çyzylmagy sebäpli (mysal üçin,
ýiti arassaçylyk gurallary bilen
arassalanan wagtynda we/ýa-da
gowurma gözenegi dakylanynda)
aerofritýurnisanyň pitisiniň içinde
käbir ownuk tegmiller peýda
bolup biler.
Gowurma gözenegini pitä
talabalaýyk görnüşde dakmak
arkaly zeper ýetmeginiň öňüni
alyp bilersiňiz. Gowurma
gözenegini ýapgyt görnüşde
daksaňyz, onyň gyrasy pitiniň
diwaryna urlyp, örtügiň ownuk
bölekleriniň gopmagyna eltip
biler. Şeýle ýagdaý ýüze çyksa,
munuň zyýansyzdygyny, sebäpli
hemme materiallaryň azyk
önümleri bilen ulanylmagynyň
howpsuzdygyny ýatda saklaň.
Hojalyk enjamyndan ak tüsse
çykýar.
Ýagly azyk önümlerini bişirýärsiňiz. Artykmaç ýagy ýa-da etiň ýagyny
pitiden seresaplylyk bilen döküň,
soňra bişirmäge dowam ediň.
Pitide öňki ulanyşdan galan ýag
galyndylary henizem bar.
Pitiniň içindäki ýag galyndylarynyň
gyzmagy ak tüssä sebäp bolýar.
Her gezek ulananyňyzdan soň
pitini we gowurma gözenegini
gowy edip arassalaň.
Un ýa-da örtügi iýmite talabalaýyk
görnüşde ýapyşmandyr.
Howadaky unuň ownuk bölejikleri
ak tüssä sebäp bolup bilýär. Unuň
ýa-da örtügiň iýmite ýelmeşmegi
üçin ony berk basyň.
Marinad, suwuklyk ýa-da etiň
suwy azyk önümlerinden çykan
ýagda ýa-da etiň ýagynda syçraýar.
Azyk önümlerini pitä salmazdan
öň ony urup guradyň.
Aerofritýurnisadaky ekranda “E1”
görkezilýr.
Aerofritýurnisaňyz gaty sowuyk
ýerde saklanan bolmagy mümkin.
Enjamyňyz daşky gurşawyň
temperaturasynyň pes ýerinde
saklanan bolsa, ony gaýtadan toga
dakmazdan öň otag
temperaturasyna çenli ýylamagy
üçin oňa azyndan 15 minut maý
beriň.
Mesele dowam etse, Philips tehniki
hyzmat belgisine jaň ediň ýa-da öz
ýurduňyzdaky Müşderiler bilen
işleşmek boýunça merkeze ýüz
tutuň.
Aerofritýurnisadaky ekranda “E4”,
“E6”, “E9”, “E12” görkezilýär.
Hojalyk enjamynda säwlik ýüze
çykypdyr.
Hojalyk enjamyny tokdan aýryp,
gaýtadan toga dakyň.
Mesele dowam etse, Philips tehniki
hyzmat belgisine jaň ediň ýa-da öz
ýurduňyzdaky Müşderiler bilen
işleşmek boýunça merkeze ýüz
tutuň.
388 / 557 387 / 555 388 / 557