EasyManua.ls Logo

Philips AVENT Plus SCF391 - MöhüM Howpsuzlyk Maglumatlary

Philips AVENT Plus SCF391
251 pages
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Loading...
78
Türkmençe
Möhüm howpsuzlyk maglumatlary
Süýt sorujyny ulanmazdan ozal şu ulanyjy gollanmasyny okaň we ony geljekde peýdalanmak üçin saklaň.
Bu ulanyjy gollanmasyny Philips Avent websaýtynda onlaýn tapmak hem bolýar: www.philips.com/avent.
Bu önüm emdirýän aýalyň öz tarapyndan ulanylmaga niýetlenilýär.
Şu süýt sorujyny gündelik şertlerde ulanyp bilersiňiz.
Ýaramazlyklar
- Göwreli wagtyňyz süýt sorujyny ulanmak düýbünden bolmaýar, sebäbi süýt sagmak
burgynyň tutmagyna ýol açyp bilýär.
Duýduryş
Demikmegiň, bogulmagyň we şikesiň öňüni almak üçin duýduryşlar:
- Çagalaryň ýa-da öý haýwanlarynyň motor bölümi, adapter, gaplama materiallary ýa-
da esbaplar bilen oýnamagyna ýol bermäň.
- Süýt sorujy nasosy ulananyňyzdan soň ony elmydama tokdan aýryň. Süýt sorujy
ulanylmaýan wagty ony ýygnap goýuň.
-
Bu süýt sorujy fiziki, duýgurlyk ýa-da zehin ukyplary peselen ýa-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar
(çagalary hem goşmak bilen) tarapyndan ulanylmaga niýetlenilmeýär. Şeýle şahslar diňe olaryň
howpsuzlygyndan jogapkär şahsyň gözegçiligi astynda bolsalar ýa-da şeýle şahs tarapyndan enjamy
ulanmak barada talabalaýyk gözükdirijileri alan ýagdaýynda şu süýt sorujyny ulanyp bilerler.
Ýokanç keselleriň geçirilmeginiň öňüni almak üçin duýduryş:
-
Eger siz Gepatit B, Gepatit C ýa-da Adamyň immunitet ýetmezçiligi wirusy (HIV) ýokaşdyran ene bolsaňyz,
göwüsden süýt sagmak göwüs süýdüňiziň üsti bilen wirusyň bäbegiňize geçmek howpuny azaltmaýar
ýa-da aradan aýyrmaýar.
Tok urmagynyň öňüni almak üçin duýduryşlar:
-
Her gezek ulanmazdan ozal süýt soruja we adaptere zeper ýetmändigini barlaň. Adaptere ýa-da elektrik
dürtgüjine zeper ýeten bolsa, talabalaýyk işlemeýän bolsa, ýere gaçan bolsa ýa-da suwa çümdürilen
bolsa, süýt sorujy nasosy ulanmaň.
-
Diňe şu süýt sorujy bilen üpjün edilen adapteri (S009AHz050yyyy) ulanyň.
-
Näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda enjamy tokdan aýyrmagyň aňsat bolmagyny elmydama üpjün ediň.
Adapter enjamy tokdan aýyrýan serişde diýlip hasaplanylýar.
Hapalanmanyň öňüni almak we arassaçylygy kepillendirmek boýunça duýduryşlar:
-
Arassaçylygy üpjün etmek üçin süýt sorujy nasos diňe ýeke ulanyjy tarapyndan gaýtalanyp ulanylmaga
niýetlenilýär.
-
Birinji gezek ulanmazdan öň we her gezek ulanylanyndan soň ähli bölekleri arassalaň we
zyýansyzlandyryň.
-
Süýt sorujy nasosyň şaýlaryny arassalamak üçin antibakterial ýa-da iýiji arassaçylyk serişdelerinden
peýdalanmaň, beýtmek zeper ýetmegine sebäp bolup biler.

Table of Contents

Related product manuals