85
Türkmençe
Türkmençe
Motor bölüminiň şaýlarynyň beýany
1 USB elektrik girişi
2 Sägindirmek/işletmek
funksiýasy bilen
açýan/öçürýän düwme
3 Iş tertibini saýlaw düwmesi
4 "Bir dereje aşak" düwmesi
5 "Bir dereje ýokary" düwmesi
6 Iş tertiplerini we derejeleri
görkeziji çyralar
7 Ýeke süýt sorujy nasos üçin
turbajygyň dakylýan ýeri
8 Jübüt süýt sorujy nasos üçin
turbajyklaryň dakylýan ýerleri
Iş tertibini görkeziji çyralar
Süýt sorujy nasosda iki iş tertibi bar. Aşakda şu iş tertipleriniň beýany berilýär.
Görkeziji
çyralar
Iş tertibi Düşündirilişi Soruj derejeleriniň belgisi
Oýaryş tertibi Süýdüň akyp başlamagy üçin göwsi
oýaryş tertibi.
8 soruş derejesi
Süýt sagyş
tertibi
Süýt akyp başlanyndan soň süýdi netijeli
görnüşde aýyrmak üçin iş tertibi. 90
sekunt oýaryşdan soň enjam awtomatik
usulda süýt sagyş tertibine geçýär.
16 soruş derejesi
Bellik: Soruş derejesini üýtgedeniňizde saýlanan soruş derejesi birnäçe sekuntlap displeýde görkezilýär,
soňra ýene saýlanan tertip görkezilýär.
Soruş derejesini görkeziji çyralar
Soruş derejesi 1:
Aşakdaky çyra
ýanyp-öçýär
Soruş derejesi 2:
Aşakdaky çyra
birsyhly ýanýar
Soruş derejesi 3:
Aşakdaky çyra
birsyhly ýanýar
+ ýanyndaky
çyra ýanyp-
öçýär
Soruş derejesi 4:
2 çyra birsyhly
ýanýar.
Soruş derejesi 5:
2 çyra birsyhly
ýanýar +
ýanyndaky çyra
ýanyp-öçýär.
Soruş derejesi
16: ähli çyralar
ýanýar
Bellik: Her gezek dereje ýokarlandyrylanynda indiki çyra ýanyp-öçüp başlaýar ýa-da ýanyp-öçýän çyra
birsyhly ýanyp durýar.