92
Türkmençe
Mesele Çözgüdi
Süýt sorujy nasosy
ulananymda agyry
çekýärin.
- Özüňiz üçin rahat soruş derejesini saýlaň.
- Silikon diafragma zeper ýetmändigini (ownuk jaýryklaryň, deşikleriň we
ş.m. ýokdugyny) barlaň.
- Göwsüňiziň ujunyň ýassyjagyň merkezine ýerleşdirilendigini anyklaň.
- Agyry dowam etse, süýt sorujy nasosy ulanmagy bes ediň we saglygy
goraýyş hünärmeniňiz bilen maslahatlaşyň.
Süýt sorujy nasos
açylmaýar (görkeziji
çyralary ýanmaýar).
- Enjam bilen üpjün edilýän adapteri ulanýandygyňyzy we adapteriň motor
bölümine hem-de diwar rozetkasyna dogry dakylandygyny barlaň.
- Adapteri başga bir diwar rozetkasyna dakyň. Soňra süýt sorujy nasosyň
açylyp-açylmaýandygyny barlamak üçin açýan/öçürýän düwmesini basyp
saklaň.
- Mesele dowam etse, www.philips.com/support salgysy arkaly
Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze ýüz tutuň.
Motor bölümindäki ähli
görkeziji çyralar ýanyp-
öçýär we enjam
awtomatik usulda öçýär.
- Motor bölümini gaýtadan açmaga synanyşyň.
- Enjam bilen üpjün edilen adapteri ulanýandygyňyzy barlaň.
- Mesele dowam etse, www.philips.com/support salgysy arkaly
Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze ýüz tutuň.
Süýdüň sorulýandygyny
duýmaýaryn/soruş
derejesi juda pes.
- Mümkin bolsa, has ýokary soruş derejesini ulanyp görüň.
- Silkon diafragmanyň dogry dakylandygyny barlaň (ser. “Süýt sorujy nasosy
ýygnamak”).
- Ak klapana zeper ýetmändigini we onuň dogry dakylandygyny barlaň (ser.
“Süýt sorujy nasosy ýygnamak”).
- Süýt sorujy nasosyň beýleki bölekleriniň bitweidigini we dogry
dakylandygyny barlaň (ser. “Süýt sorujy nasosy ýygnamak”).
- Göwüs nasosy bilen göwsüň arasynda howanyň geçmezligini üpjün etmek
üçin nasosyň göwüsde dogry ornaşandygyna göz ýetiriň.
- Henizem süýdüň sorulýandygyny duýmaýan bolsaňyz,
www.philips.com/support salgysy arkaly Müşderiler bilen işleşmek
boýunça merkeze ýüz tutuň.
Süýt sorujy nasosyň soruşy
juda güýçli.
- Mümkin bolsa, pesräk soruş derejesini ulanyp görüň. Birinji gezek süýt
saganyňyzda deslapdan düzülen soruş derejesi (oýaryş tertibinde dereje 5,
sagyş tertibinde dereje 11) bilen başlaň we zerur bolanynda derejäni
ýokarlandyryň/peseldiň. Dürli süýt sagyş seanslarynyň dowamynda dürli
derejeler siziň üçin rahat bolup biler.
- Diňe şu süýt sorujy nasos bilen üpjün edilen süýt sorujy nasosyň şaýlaryny
ulanýandygyňyza göz ýetiriň.
- Silikon diafragma zeper ýetmändigini (ownuk jaýryklaryň, deşikleriň we
ş.m. ýokdugyny) barlaň.
- Mesele dowam etse, www.philips.com/support salgysy arkaly
Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze ýüz tutuň.
Süýt sorujy nasosymy
ulananymda örän az süýt
sagylýar/hiç süýt
sagylmaýar.
- Süýdüň ýeterlik sorulýandygyny duýmaýan bolsaňyz, "Süýdüň
sorulýandygyny duýmaýaryn/soruş derejesi juda pes" bölümindäki
meselänu anyklamak we çözmek bölümçesine göz aýlaň.
- Eger Philips Avent süýt sorujy nasosyny birinji gezek ulanýan bolsaňyz, süýt
sagyp bilmek üçin ilki birneme öwrenişmeli bolup bilersiňiz. Süýt sagmak
barada goşmaça peýdaly maslahatlar Philips websaýtynda
www.philips.com/mybreastpump salgysynda tapmak bolar.