571
Türkmençe
- Gyllary mynjyran ýa-da eplenen çotga nasadkasyny ulanmagy bes ediň.
Nasadkany her 3 aýdan ýa-da könelme alamatlary ýüze çyksa, ondan hem ir
çalşyryň.
- Düzüminde efir ýaglary ýa-da kokos ýagy bar bolan önümler bilen gönümel
galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler.
- Ulanmagyň maksimum beýikligi 4500 metrdir.
LUKMANÇYLYK DUÝDURYŞLARY
- Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze çyksa, ganama ulanyşdan 1
hepde geçensoň ýüze çykmaga dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry
duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman bilen
maslahatlaşyň.
- Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny geçiren bolsaňyz, bu
enjamy ulanmazdan öň stomatologyňyz bilen maslahatlaşyň.
- Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir implant enjam goýlan bolsa,
ulanmazdan öň lukmanyňyza ýa-da implant enjamyň öndürijisine ýüz
tutuň.
- Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy ulanmazdan öz
lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
- Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik klinikada ýa-da edarada
birnäçe näsagda ulanmak üçin niýetlenilmeýär.
BATAREÝIŇ HOWPSUZLYGY BOÝUNÇA GÖZÜKDIRIJILER
- Bu enjamda diňe professional işgärler tarapyndan aýrylmaly batareýalar
bar.
- Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň
batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns
bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry
ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär. Enjam bilen üpjün
edilýän esbaplar dürli önümlerde dürli bolup biler.
- Diňe hakyky Philips esbaplaryny we sarp ediş materiallaryny ulanyň.
- Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günüň göni düşýän
şöhlesine ýa-da ýokary temperaturalara sezewar etmäň.
- Eger önüm adatdan daşary gyzsa ýa-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese ýa-
da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi
ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e ýüz tutuň.
- Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly
ojaklaryň içine salmaň.