EasyManua.ls Logo

Philips sonicare 6500 - Easy Start

Philips sonicare 6500
859 pages
Print Icon
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Loading...
582
Türkmençe
Eger artykmaç basyş etseňiz, tutawaç tä basyşy azaldýançaňyz öz sesini hem-de
titremesini üýtgedýär we tutawajyň aşagyndaky çotgalama seslenme çyrasy
mawy reňkde ýanyp-öçýär.
Bellik: Önümiňiz Basyş sensory seslenmesi işjeňleşdirilen görnüşde gelýär. Bu
aýratynlygy deaktiwirlemek üçin (ser. “Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da
deaktiwirlemek”).
BrushPacer
1
2
3
4
5
6
BrushPacer agyz boşlugyňyzy 6 bölege bölmek arkaly tutuş agyzda gyradeň
çotgalamaga kömek edýän aralyk taýmeri bolup durýar.
Bellik: White ýa-da Gum Health tertiplerini ulanýan wagtyňyz, goşmaça wagt
goşulmagy mümkin.
SmarTimer
SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek
arkaly, çotgalama döwräňiziň tamam bolandygyny görkezýär.
Diş lukmanlary günde iki gezek azyndan 2 minutlap çotgalamagy maslahat
berýär.
Bellik: Eger çotgalama döwresini başladanyňyzdan soň, aç/öçür düwmesini
bassaňyz, diş çotgasy säginýär. 30 sekundyň içinde açýan/öçürýän düwmäni
bassaňyz, çotgalama döwresini tamamlamagyňyza maý bermek üçin taýmer
dowam etdirilýär. 30 sekuntlyk säginmeden soň, SmarTimer nol edilýär.
EasyStart
Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy deaktiwirlenen görnüşde
gelýär. EasyStart aýratynlygy Philips Sonicare bilen çotgalamaga
öwrenişmegiňize kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda
onuň güýjüni çalajadan köpeldýär. EasyStart aýratynlygy ähli tertiplerde işleýär.

Table of Contents

Related product manuals