581
Türkmençe
Islenilýän kuwwaty elde saýlamak üçin diş çotgasy opsiýalarynyň birinden
beýlekisine geçer ýaly iş tertibi / ýygjamlyk düwmesini basyň. Güýç
sazlamasyny diňe diş çotgasy açyk wagty üýtgedip bolýar.
BrushSync tehnologiýasy
BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan tutawaç bilen
aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär. Nasadkanyň aşagyndaky
simwoly onuň şu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär.
BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:
- Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
- BrushSync tertibi jübütlemesi
Philips Sonicare size BrushSync tehnologiýasy bar bolan köp dürli akylly
nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy nasadkalarynyň doly assortimentine göz
gezdirmek we özüňize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça maglumat
alar ýaly www.philips.com/toothbrush-heads salgysyna gidiň.
Aýratynlyklar
- Basyş sensory seslenmesi
- BrushPacer
- SmarTimer
- EasyStart
- Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
- Nasadka tertibi jübütlemesi
Basyş sensory seslenmesi
Sonicare diş çotgaňyz diş etleriňizi we dişleriňizi zeperden goramak üçin,
çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basyşyňyzy ölçeýär.