403
Türkmençe
- Önüme daşarda ýa-da gyzgyn üstleriň golaýynda
zarýad bermäň.
- Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç ýuwujyda
arassalamaň.
- Bu enjam diňe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin
dizaýn edilendir.
- Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze çyksa,
ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň ýüze çykmaga
dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry duýsaňyz,
enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman
bilen maslahatlaşyň.
- Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny
geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň
stomatologyňyz bilen maslahatlaşyň.
- Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir implant
enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza ýa-
da implant enjamyň öndürijisine ýüz tutuň.
- Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy
ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
- Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik
klinikada ýa-da edarada birnäçe näsagda ulanmak
üçin niýetlenilmeýär.
- Gyllary mynjyran ýa-da eplenen çotga nasadkasyny
ulanmagy bes ediň. Nasadkany her 3 aýdan ýa-da
könelme alamatlary ýüze çyksa, ondan hem ir
çalşyryň.
- Eger diş pastaňyzda peroksid, azyk sodasy ýa-da
bikarbonat bar bolsa (agardyjy diş pastalarynda köp
ulanylýar), nasadkany her ulanyşdan soň sabyn we
suw bilen mazaly arassalaň. Ol plastikde ähtimal
jaýrylmanyň öňüni alýar.
- Düzüminde efir ýaglary ýa-da kokos ýagy bar bolan
önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma
gyllaryň gopmagyna eltip biler.
- Önümi 32 °F / 0°C bilen 104 °F / 40°C arasynda
temperaturada zarýad beriň, önümi şol temperatura
aralygynda ulanyň we saklaň.
- Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary
günüň göni düşýän şöhlesine ýa-da ýokary
temperaturalara sezewar etmäň.