414
Türkmençe
Çalşyrmak
Nasadka
Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare
nasadkalaryny her 3 aýdan çalşyryp duruň. Diňe Philips
Sonicare ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň.
Model belgisiniň ýerini tapmak
Model belgisi (HX36XX) üçin Philips Sonicare diş
çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.
Kepillik we goldaw
Maglumat ýa-da goldaw gerek bolsa,
www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da halkara
kepillik hatyny okaň.
Kepillik çäklendirmeleri
Halkara kepilligiň şertleri şu aşakdakylary öz içine
almaýar:
- Nasadkalar.
- Ygtyýar berilmedik ätiýaçlyk şaýlaryň ulanylmagy
sebäpli ýüze çykan zeper.
- Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk ulanylmazlyk,
geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da ygtyýar berilmedik
abatlama sebäpli ýüze şykan zeper.
- Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çyzyklar, iýilmeler,
reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy.
Gaýtadan işlemek
- Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty
hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak
bolmaýandygyny aňladýar.
- Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda
ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini
berjaý ediň.