EasyManua.ls Logo

Philips Sonicare 3100 Series - Basyş sensory; QuadPacer; SmarTimer

Philips Sonicare 3100 Series
608 pages
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Loading...
410
Türkmençe
3
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş çyrasy sary reňkde
ýananda, nasadkany çalşyrmagyňyz gerek.
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyşy deaktiwirlemek üçin,
“Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek”
bölümine serediň.
Basyş sensory
Philips Sonicare-iňiz çotgalaýan wagtyňyz ulanýan
basyşyňyzy ölçeýän kämil sensor bilen
enjamlaşdyrylandyr. Eger gaty köp basyş ulansaňyz, diş
çotgasy dessine seslenme berip, basyşy azaltmagyňyz
gerekdigini görkezer. Bu seslenme titremäni üýtgetmek
arkaly berilýär we şol sebäpli çotgalama duýgusy hem-de
ses üýtgeýär. Mundan başga-da, nasadkany çalşyrmagy
ýatladyş çyrasy sary reňkde ýanyp söner.
Basyş sensoryny deaktiwirlemek üçin, “Aýratynlyklary
işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek” bölümine serediň.
QuadPacer
2
4
3
1
QuadPacer aralyk taýmer bolup, ol gysgaça bipläp
säginýär we agyz boşlugynyň 4 bölegini gyradeň we
mazaly çotgalamak gerekdigini ýatladýar. Bu Philips
Sonicare diş çotgasynda QuadPacer aýratynlygy
işjeňleşen görnüşde gelýär.
SmarTimer
SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny
awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwräňiziň
tamam bolandygyny görkezýär.
Diş lukmanlary günde iki gezek azyndan 2 minutlap
çotgalamagy maslahat berýär.
Bellik: Eger çotgalama döwresini başladanyňyzdan soň,
aç/öçür düwmesini bassaňyz, diş çotgasy säginer. 30
sekuntlyk säginmeden soň, SmarTimer nol edilýär.

Table of Contents

Related product manuals