407
Türkmençe
5
Öňdäki dişleriň iç ýüzlerini arassalamak üçin, çotganyň
tutawajyny ýarym ýokaryk egiň we her dişe birnäçe
dik örtüşýän çotgalama hereketini ediň.
Bellik: Tutuş agyzda gyradeň çotgalamak üçin,
Quadpacer aýratynlygy arkaly agyz boşlugyňyzy 4
bölege bölüň ("Aýratynlyklar" bölümine serediň).
6
1-nji bölekden (ýokarky dişleriň daş ýüzünden)
çotgalap başlaň we 30 sekunt çotgalap, 2-nji bölege
(ýokarky dişleriň iç ýüzüne) geçiň. 3-nji bölekden
(aşaky dişleriň daş ýüzünden) çotgalamaga dowam
ediň we 30 sekunt çotgalap, 4-nji bölege (aşaky
dişleriň iç ýüzüne) geçiň.
7
Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň,
dişleriň çeýneýän we tegmil emele gelýän ýerlerini
çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz.
Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ýa-da öçürip,
diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.
Philips Sonicare diş çotgaňyz ortodontik skobaly
dikeldişlerde (nasadka skobada ulanylanda çalt
könelýär) we diş dikeldişlerinde (plombalar, täçler,
winirler) ulanmaga howpsuzdyr. Eger problema ýüze
çyksa, onda diş lukmanyna ýüz tutuň.
Bellik: Philips Sonicare diş çotgasy kliniki barlaglarda
ulanylanda, tutawaja doly zarýad berlen bolmalydyr we
EasyStart aýratynlygy deaktiwirlenen bolmalydyr.
Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy
1
USB zarýad beriş şnuruny diwar adapterine dakyp,
diwar adapterini diwardaky rozetka dakyň.
2
Tutawajy zarýadnige ýerleşdiriň.
Bellik: Tutawaç 2 gezek gysga bipleme sesini çykaryp,
tutawajyň zarýadnige dogry goýlandygyny we zarýad
alyp durandygyny tassyklaýar.
Bellik: Bu Philips Sonicare diş çotgasy azyndan 28 sany
çotgalama seansy üçin niýetlenilmek bilen, her seans 2
minuta çekýär (eger günde iki gezek ulanylsa, 14 gün).
Zarýad derejesi görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy