EasyManua.ls Logo

Philips Sonicare 3100 Series - Tanyşdyryş; Möhüm howpsuzlyk maglumaty; Duýduryşlar

Philips Sonicare 3100 Series
608 pages
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Loading...
Türkmençe
402
Türkmençe
Tanyşdyryş
Alan harydyňyz nesip etsin, Philips-e hoş geldiňiz! Philips-
iň hödürleýän goldawyndan doly peýdalanmak üçin,
önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda
bellige alyň.
Möhüm howpsuzlyk maglumaty
Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň.
Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny
ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň
hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry
ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.
Duýduryşlar
- Diňe giriş (100–240 W~; 50/60 Gs; 3,5 Wt) we çykyş (5
W üýtgemeýän tok; 2,5 Wt) kuwwaty bar bolan
Philips WAA1001, WAA2001, UL ýa-da ekwiwalent
tassyklanylan howpsuzlyk adapterleri bilen zarýad
beriň. Adapterleriň sanawy üçin,
Philips.com/support salgysyna serediň
- Zarýadnigi suwdan uzakda saklaň.
- USB zarýadnigiň kabelini dakmazdan öň, tutawajyň
doly gurandygyny anyklaň.
- Enjamy çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz görnüşde
ulanmak boýunça gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz
ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky we degişli
howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki,
duýgurlyk ýa-da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we
bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar
gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we
ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli abatlaýyş
işlerini geçirmeli däl.
- Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
- Diňe hakyky Philips esbaplaryny ýa-da sarp ediş
materiallaryny ulanyň. Diňe önümiň ýany bilen berlen
USB zarýadnigi ulanyň.
- Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek
şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony
ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky (ser. 'Kepillik we
goldaw') Müşderi goldawy merkezine ýüz tutuň.

Table of Contents

Related product manuals