EasyManua.ls Logo

Philips Sonicare 3100 Series - Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek; EasyStart; Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş

Philips Sonicare 3100 Series
608 pages
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Loading...
411
Türkmençe
Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek
Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip
ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:
- EasyStart
- Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
- Basyş sensory
Bu aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek
üçin, aşakdaky görkezmeleri berjaý ediň:
EasyStart
1
Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstünde goýuň.
2
Tutawaç zarýadnikde durka, aç/öçür düwmesini
basyp saklaň.
3
Ýeke gysgajyk bipleme (3 sekunt soň) eşidýänçäňiz
aç/öçür düwmesini basyp saklaň.
4
Aç/öçür düwmesini goýberiň.
- Pes-orta-ýokary üç sany ton eşidilse, ol EasyStart
aýratynlygynyň işjeňleşendigini aňladýar. Işjeňleşmäni
tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy
hem 2 gezek ýaşyl reňkde ýanyp söner.
- Ýokary-orta-pes üç sany ton eşidilse, ol EasyStart
aýratynlygynyň deaktiwirlenendigini aňladýar.
Deaktiwirlenmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi
görkezijisiniň çyrasy hem 1 gezek sary reňkde ýanyp
söner.
Bellik: Kliniki netijeliligi gazanmak üçin, EasyStart-y
deaktiwirlemek gerek.
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
Bellik: Nasadkany çalşyrmagy ýatladyşy diňe akylly
nasadka tutawaja dakylgy wagty işjeňleşdirip ýa-da
deaktiwirläp bilersiňiz.
Bellik: Täze akylly nasadkalar nasadkany çalşyrmagy
ýatladyş aýratynlygy işjeňleşdirilgi görnüşde gelýär.
1
Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstünde goýuň.
2
Tutawaç zarýadnikde durka, aç/öçür düwmesini
basyp saklaň.
3
Yzly-yzyna iki gysgajyk bipleme (5 sekunt soň)
eşidýänçäňiz aç/öçür düwmesini basyp saklaň.

Table of Contents

Related product manuals