505
Türkmençe
5
Öňdäki dişleriň iç ýüzlerini arassalamak üçin, çotganyň tutawajyny ýarym
ýokaryk egiň we her dişe birnäçe dik örtüşýän çotgalama urgusyny ediň.
6
Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň, dişleriň çeýneýän we
tegmil emele gelýän ýerlerini çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip
bilersiňiz. Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ýa-da öçürip, diliňizi hem
çotgalap bilersiňiz.
Bellik: Philips Sonicare diş çotgaňyzy ortodontik skobalarda (nasadka skobada
ulanylanda çalt könelýär) we diş dikeldişlerinde (plombalar, täçler, winirler)
ulanmak howpsuzdyr.
BrushPacer
Tutuş agyzda gyradeň çotgalamak üçin, BrushPacer aýratynlygy arkaly agyz
boşlugyňyzy 6 bölege bölüň. BrushPacer çotgalama wagtyny 6 sany deň
bölege bölýär we indiki zolaga geçmeli wagtyňyzy görkezýär. Ol bölekler
titremede sähelçe säginmek arkaly görkezilýär. Diş çotgasy çotgalama
seansynyň ahyrynda awtomatik durýar.
Bellik: White tertibini (elýeter bolsa) ulananyňyzda goşmaça wagt goşulmagy
mümkin.