536
Türkmençe
- Diňe hakyky Philips esbaplaryny we sarp ediş
materiallaryny ulanyň. Diňe aýryp bolýan CBAyyyy,
TCAxxxx ýa-da WAAxxxx üpjünçilik bloguny ulanyň.
- Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary
günüň göni düşýän şöhlesine ýa-da ýokary
temperaturalara sezewar etmäň.
- Eger önüm adatdan daşary gyzsa ýa-da ys çykarsa,
onuň reňki üýtgese ýa-da zarýad almagy üçin
adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi
ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-
e ýüz tutuň.
- Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly
ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply
maddalary çykarmagynyň öňüni almak üçin önümi ýa-
da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmäň, olary
deşmäň ýa-da olara zeper ýetirmäň. Batareýlerde
gysga utgaşma etmäň, olara aşa zarýad bermäň ýa-da
ters tarapdan zarýad bermäň.
- Bu enjamda çalşyryp bolmaýan batareýalar bardyr.
Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy
talabalaýyk görnüşde zyňmak gerek, gaýtadan
işlemek baradaky bölüme serediň.
- Batareýlere zeper ýeten bolsa ýa-da olardan suwuklyk
syzyp çykýan bolsa, onuň derä ýa-da gözlere
galtaşmagyndan gaça duruň. Şeýle ýagdaý bolup
geçse, dessine suw bilen oňat edip ýuwuň we
lukmançylyk kömegini alyň.
- Batareýleri elläniňizde elleriňiziň, önümiň we
batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.
- Batareýalar aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga
utgaşmanyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin
batareýanyň klemmalarynyň metal zada (mysal üçin,
teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol
bermäň. Batareýalaryň daşyna alýumin folga oramaň.
Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň
klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmäň ýa-da
batareýleri plastik haltajyga salyň.
- Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda
zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.