EasyManua.ls Logo

Philips Sonicare DiamondClean Smart 9400 - Ulanmaga başlamak; Philips Sonicare diş çotgaňyzy ulanmak; Çotgalama görkezmeleri

Philips Sonicare DiamondClean Smart 9400
816 pages
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Loading...
540
Türkmençe
Sonicare programmasy akylly sensorlar tarapyndan üpjün
edilýän maglumaty ýygnaýar we çotgalama endikleriňizi
wagta görä yzarlaýar.
Ulanmaga başlamak
1
Gyllar tutawajyň öň tarapy bilen bir ugra seredip
durar ýaly edip, nasadkany deňläň.
2
Nasadkany metal walyň üstüne ol aňryk baryp
direýänçä dözümli basyň.
Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk
görmek adaty ýagdaýdyr.
Philips Sonicare diş çotgaňyzy ulanmak
Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan
bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan
wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty
ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp
ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş
çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy
tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini
berjaý ediň.
Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmegiňize
kömegi deger ýaly, ilkibaşda 1–2 hepdeläp pes ýygjamlyk
sazlamasyny ulanyň, şondan soň has ýokary sazlama
geçiň.
Çotgalama görkezmeleri
1
Gyllary ölläň we üstüne azajyk diş pastasyny çalyň.

Table of Contents

Related product manuals