EasyManua.ls Logo

Philips Sonicare DiamondClean Smart 9400 - BrushSync tehnologiýasy; Aýratynlyklar; Basyş sensory seslenmesi

Philips Sonicare DiamondClean Smart 9400
816 pages
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Loading...
544
Türkmençe
ýygjamlyga üýtgetmek isleseňiz, çotgalap durkaňyz,
şeýtmek üçin tertip/ýygjamlyk düwmesini basyp
bilersiňiz.
Tutawaç öçük ýa-da sägindirilgi wagty, ýygjamlygy
üýtgedip bolmaýar.
BrushSync tehnologiýasy
BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan
tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär.
Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa
bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär.
BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:
- Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
- BrushSync tertibi jübütlemesi
Philips Sonicare size BrushSync tehnologiýasy bar bolan
köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy
nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we
özüňize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça
maglumat alar ýaly www.philips.com/toothbrush-
heads salgysyna gidiň.
Aýratynlyklar
- Basyş sensory seslenmesi
- BrushPacer
- SmarTimer
- Nasadka tertibi jübütlemesi
- EasyStart
- Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
Basyş sensory seslenmesi
Sonicare diş çotgaňyz diş etleriňizi we dişleriňizi zeperden
goramak üçin, çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basyşyňyzy
ölçeýär.
Eger artykmaç basyş etseňiz, tutawaç tä basyşy
azaldýançaňyz öz titremesini üýtgedýär we tutawajyň
aşagyndaky çotgalama seslenme çyrasy mawy reňkde
ýanyp sönýär.
Bellik: Önümiňizde Basyş sensory işjeňleşdirilen görnüşde
gelýär. Bu aýratynlygy deaktiwirlemek üçin (ser.
“Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek”).

Table of Contents

Related product manuals