550
Türkmençe
Bellik: Energiýa tygşytlamak üçin, batareýa görkezijisi
ulanylmaýan wagty öçer.
Bellik: Batareýanyň zarýady doly çökende, diş çotgasy
öçýär. Diş çotgasyny zarýadnige ýerleşdirip, zarýad beriň.
Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin,
diş çotgaňyzy ulanmaýan wagtyňyz zarýadnikde goýuň.
Arassalamak
Diş çotgasynyň tutawajy
1
Nasadkany aýryň we metal wally ýeri ýyly suw bilen
ýuwup durlaň. Hiç hili diş pasta galyndysyny goýman
aýryň.
Seresap boluň: Metal waldaky rezin dykyzlandyryjyny
ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi ol zeper ýetirip
biler.
2
Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy
rakowina kakmaň.
Nasadka
1
Her ulanyşdan soň nasadkany we gyllary ýuwup
durlaň.
2
Azyndan hepdede bir gezek nasadkany tutawaçdan
aýryp, nasadkanyň birikmesini ýyly suw bilen ýuwup
durlaň. Syýahat gapagyny näçe ýygylykda zerur bolsa
ýuwup durlaň.
Zarýadnik
1
Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.
2
Zarýadnigiň ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Syýahat çeholy
Syýahat çeholynyň içini arassalamak üçin, ýyly suw bilen
ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň.
Zarýad beriş syýahat çeholy
1
Zarýad beriş syýahat çeholyny arassalamazdan öň
tokdan aýryň.