539
Türkmençe
6
Programma arkaly öz hasabyňyzy dörediň. Iň täze
gowulandyrmalara we aýratynlyklara girmek üçin,
eger soralsa, proşiwka täzelemesini tamamlaň.
7
Diş çotgaňyzy programma birikdirip, wagtly-wagtyna
çotgalaň. Diş çotgasyny wagtly-wagtyna programma
bilen sinhronlasaňyz, agyz saglygy idegiňizi
gowulandyrmaga kömek edýän täzelemeleri
alarsyňyz.
8
Wagtly-wagtyna sinhronlaň.
9
Optimal maglumat geçiriş üçin, telefonyňyzy diş
çotgaňyzyň golaýynda saklaň.
El bilen sinhronlamak üçin: Programmanyň
aýratynlyklaryndan/mümkinçiliklerinden peýdalanmak
üçin, diş çotgaňyzy her iki hepdeden programma bilen
jübütläň/birikdiriň.
Awtomatik sinhronlamak üçin: Programmany
sazlaýarkaňyz, ýerleşiş rugsadyny beriň. Ýerleşiş
rugsadyny bermek arkaly, telefonyňyz diş çotgaňyza
birikme çägine girende muny bilýär we çotgalama
maglumatyňyzy programmada täzelendirip, iň täze
çintgemeleri we maslahatlary üpjün edip bilýär.
Bellik: Programmany ulanýarkaňyz, telefonyň Bluetooth-y
açyk bolsun, şonda diş çotgaňyz çotgalama
maglumatyňyzy programma geçirip we täzeläp bilýär.
Eger çotgalama maglumatyňyzyň näme üçin
ýygnalýandygy barada soraglaryňyz bar bolsa,
programmany sazlamak prosesiniň dowamynda elýeterli
bolýan Sonicare Gizlinlik beýannamasyny hökman
gözden geçiriň.
Programma aýratynlyklary
Sonicare elektrikli diş çotgaňyz size çotgalama
endikleriňiz barada seslenme üpjün edýän akylly
sensorlar bilen enjamlaşdyrylandyr, şol sanda:
- Günlük çotgalama seanslary
- Her çotgalama seansynda sarp edilýän wagt
- Ulanylýan çotgalama basyşy
- Şahsylaşdyrylan tärler we ýerine ýetirip bolýan
maslahatlar
- Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş (hakyky ulanyş
esasynda)